Alada etmäň!
Attestat bilen okuwa girmek,
LIVA CONSULTING bilen mümkin!

Türkiýede birnäçe uniwersitet okuwa atestat bilen kabul edýär. Atestat bahalaryňyz näçe gowy bolsa onda siziň okuwa girme münkinçiligiňizde köp bolýar. Bahalaryň ortaça bahasy(ortalama) iň azyndan 4 bolmaly.

Okuwa atestat bilen kabul edýän uniwersitetleriň sanawyny görmek üçin şu linkiň üsti bilen görüp bilersiňiz. ( www.livaconsulting.com/turkiyede-egitim/universiteler/ )

Kabul edilşik wagtyny internet sahypamyzyň şu bölümünden ögrenip bilersiňiz. ( http://www.livaconsulting.com/turkiyede-egitim/universite-basvurulari/ )

Türkiýede okuwa resminamalar tahmyny iýun aýynda kabul edilip başlanýar we iýul aýynyň 15-lerine gutarýar. Käbir uniwersitetlerde bolsa okuwa resminamalar iýul aýynda kabul edilip başlanýar, awgust aýynyň 15-lerine bolsa gutarýar.

Okuw üçin gerekli resminamalar:
1. Orta bilim hakynda şahadatnamanyň nusgasy (*Heniz orta bilim hakynda şahadatnama almadyk okuwçylar mekdebi tamamlajak senesini takmyny görkezýän resminama almaly).
2. Orta bilim hakynda şahadatnamanyň terjime edilip tassyklanan nusgasy (türk dilinde). (*Heniz orta bilim hakynda şahadatnama almadyk okuwçylar mekdebi tamamlajak senesini takmyny görkezýän resminama almaly).
*Dalaşgärler orta bilim hakynda şahadatnamasyny Türkiýäniň Bilim Ministrliginde ýada Türkmenistanda ýerleşýän Türk Ilçihanasynda tassyklatmaly (*Okuwa kabul edileniňden soň hem bu resminama hökman soralýar).
3. Orta bilimin soňky 3 ýyl bahalarynyň (Transkript) nusgasy.
4. Orta bilimin soňky 3 ýyl bahalarynyň (Transkript) terjime edilip tassyklanan nusgasy (türk dilinde).
5. Pasportyň (Zagran) göçürmesi.
6. Pasportyň (Zagran) terjime edilip tassyklanan nusgasy (türk dilinde).
7. 4×6 möçberinde 10 sany fotosurat.
8. YÖS synagynyň netijesi (Atesttat bilen tabşyrjaklara degişli däl).

Okuw üçin gerekli bolan resminamalary taýynlap Liva Consulting-a 5 sany nusgasyny ugratsaňyz, biz siziň adyňyzdan uniwersitetlere okuw üçin resminamalaryňyzy tabşyrarys.

Bellik: Gerekli bolan resminamalary türk diline terjime edileninden soň Aşgabat şäherindaki Ärtogrul metjidiniň öňündäki Aşkabat Eğitim Müşavirliğinde tassyklatmaly. Resminamalary doly taýýarlandan soň Türkiýe döwletiniň Stambul şäherine ibermeli. Resminamalary ugradýan adamyňyzyň adyny, familýasyny, telefon nomerini bermegiňiz ýeterlikdir. Biz özümiz aeropotdan ýada Stambuluň içinden alyp bileris. Iberip bilmedik ýagdaýyňyzda biziň bilen hökman habarlaşyň!
Bellik: Käbir uniwersitetler okuwa kabul edişi tölegli ýagdaýda amala aşyrýar. Bu töleg biziň iş hakymyza girmeýär. Resminamalary ibereniňizde okuw tölegi we biziň hyzmat hakymyzy bile ugratmaly. Ulanylan pul kwitansiýa bilen bilelikde size yzyna gaýtarylyp beriljekdir.

Türkiýede okuw bahalary
Döwlet uniwersitetlerinde ortaça ýyllyk bahasy 100 – 1000$ arasyndadyr. Okuw tölegleri her çärýegiň başynda tölenýär.
Hususy uniwersitetlerinde ortaça ýyllyk bahasy 5000$dan başlaýar.

Türkiýede umumy ýaşaýyş jaýlary
Türkiýede talyplar üçin niýetlenen umumy ýaşaýyş jaýlarynyň tölegleri şäherlere görä üýtgeýär. Stambul, Izmir we Ankara ýaly uly şäherleriň tölegleri beýleki şäherlere garanyňda gymmadrak bolýar. Iki hili umumy ýaşaýyş jaýy bar.
Hususy umumy ýaşaýyş jaýlary: Aýlyk tölegi 150-250$ arasyndan üýtgeýär (Nahar tölegiň içinde).
Kwartirant tutulýan jaýlar: Bir jaýda 4 ýada 5 adam bolup ýaşalýar. Şeýle ýagdaýda adam başyna 100-200$ aralygynda baha düşýär (Nahar tölegiň içinde).

Liva Consulting nähili hyzmatlary hödürleýär?
GELJEGIŇIZ HASAM AÝDYŇ BOLSUN!
– Türkiýäniň dünýäde giňden tanalýan ady belli uniwersitetlerinde bilim almaga mümkünçilik döretýär.
– Hususy we döwlet uniwersitetlerine okuwa girmäge kömek etýär.
– Biz siziň adyňyzdan 5 uniwersiteta dokumentleriňizi tabşyrýarys we bu beren hyzmatymyz üçin 100$ hyzmat haky alýarys. 5-den köp uniwersiteta tabşyrmak islenilen ýagdaýda onda aýratyn nyrh alynýar.
– Mundan başgada Stambul, Izmir we Ankara ýaly Türkiýäniň uly şäherlerindäki türk dilini öwretýän okuw merkezlerinde (TÖMER) bilim almaga ýardam berýär.

Eger isleseňiz:
– Amerika, Angliýa, Belarussiýa, Germaniýa, Gruziýa, Latwiýa, Polşa, Rumyniýa, Ukraina, Russiya, Sloweniýa ýaly ýurtlarda uniwersitet hem-de Aspirantura (Magistratura) okuw pursatlaryny hödürleýäris.
– Angliýa, Malta, Irlandiya, Türkiýe we Amerikada Iňlis dili Kurs ve Tomus okuw pursatlaryny hödürleýäris.
Habarlaşmak üçin:
Adresimiz: Şirinevler Mah. Şehit Yarbay Cesur Cad. 1/3, Bahçelievler, İstanbul.
Tel: 0 (212) 441 18 00
Fax: 0 (212) 441 18 01
Line ID: liva_education ýa-da liva_edu
El telefon, Line, IMO we Whatsapp üçin: +905458395813 ýada +905443981221
E-poçta: education@livaconsulting.com ýa-da edu@livaconsulting.com