Aprel aýynyň birinden başlap Türkiýe okuwçy wizasynda nobat almak üçin işler onlaýn görnüşine geçdi. Mundan beýläk okuwçy wizasy almak üçin ilki onlaýn nobat almaly. Size berlen nobat güni Türkmenistanyň Türkiýe Konsoloslugyna baryp wiza alyp bilersiňiz.
Okuwçy wizasy almak üçin gerekli resminamalaryň sanawy:
 Wiza anketasy
 Ýokary okuw jaýyndan alnan “Kabul haty” (Kabul Belgesi) ýa-da “Okaýanlygy barada kepilnama” (Öğrenci Belgesi).
 *Okap ýören talyp bolsa bahalarynyň sanawy (transkript).
 Maddy üpjünçiligi babatda kepilnama we türk dilinde terjimesi.
 Orta bilim hakynda şahadatnamanyň (atestat) nusgasy.
 Iki pasportyň hem nusgasy.
 5 x 6 möçberinde 2 sany fotosurat.
 18 ýaşdan kiçiler üçin ynanç haty (Muvafakatname)
(Ena-atasy tarapyndan alynmaly. Türkmenistanda ynanç hatyny notariusdan alyp Türkmenistan Adalat Ministrligi we Daşary Işler Ministrligi tarapyndan, türk dilinde terjimesini bolsa Türkmenistanyň Türkiýe Konsoloslugy tarapyndan tassyklatmaly. Türkiýeden aljaklar üçin Noterden alynmaly).
 90 günlük saglyk ätiýaçlandyryjy (strahowanie)

Liva education sizlere okuwçy wiza almaga kömek eder.
Has giňişleýin maglumat üçin tejribeli işgärlerimizden maslahat alyp bilersiniz:
El telefon, Line, Whatsapp, İMO üçin: + 90 545 839 5813 ýa-da +905443981221
E-poçta: education@livaconsulting.com ýa-da edu@livaconsulting.com
#LivaConsulting #Türkmenistan #Turkmenistan #Applyuniversity #Turkeyuniversity #Universityapply #Üniversitebasvuru #universityinİstanbul #istanbuluniversities #istanbulüniversitesi #lisediplomasıilebasvuru #ciftevatandaslar #turkiyedeokumak #studyinturkey #turkishuniversity