• Pasport nusgasy
  • Ene we Ata ady
  • Doglan ýeri we ýurdy
  • Öýlenen / öýlenmedik
  • 1 sany surat 4*6
  • Türkiýede galjak adresi
  • Gazanjynyň nireden gelýäni we mukdary
  • Türkmenistandaky öý adresi
  • Telefon No
  • e-mail adres

RANDEVU GÜNINDE GÖÇ İDARESİNE GIDENDE ÝANYNDA BOLMALY RESMINAMALAR

  1. İkamet İzni anketasy
  2. Pasport we pasportyň suratly hem-de möhürli sahypalarynyň nusgasy
  3. Dört (4) sany surat 4*6 ölçegde
  4. Türkiýede galmagy meýilleşdirilýän wagta ýeter ýaly we yzygiderli gazanjyň beýannamasy
  5. Saglyk ätiýaçlandyrmasy; Saglyk ätiýaçlandyrmasynyň möhleti talap edilen ikamet rugsadynyn wagtyny gurşamalay.

 

Aşakdakylardan haýsy hem bolsa biri oňaýly hasaplanar:

  • İkili sosyal güvenlik sözleşmeleri babatynda Türkiýede saglyk hyzmatlaryndan peýdalanylýandygy hakynda welaýat/şäher sosyal güvenlik edara bölümlerinden alynan subutnama/kepilnama
  • Sosyal Güvenlik edarasyndan alynan möhürli çek kepilnamasy (SGK’dan alynjak çek kepilnamalary aile ikamet rugsatlarynda hem goldawçy, hem-de maşgala agzalaryny gurşaýan halatda bolmalydy)
  • Sosyal Güvenlik edarasynda Umumy saglyk ätiýaçlandyrmasyna eýe bolmak üçin ýüz tutulandygyna bagly gol we möhürli görnüşi
  • Hususy kärhanalardan alynan şahsy saglyk ätiýaçlandyrmasy (Polisde “Bu polis 06/06/2014 we 9 sanawly ikamet izni talaplarynda oňardyljak şahsy saglyk ätiýaçlandyrmasyna bagly görkezmede bellenien ortaça ätiýaç düzümini gurşamalydyr.” aňlatmasy bolmalydyr. Ýüz tutulan halatynda saglyk polisiňiziň gol we möhürli görnüşini görkeziň! Uzatma amaly programmasynda bolsa, anketaňyza diňe saglyk polisiňiziň gol we möhürli nusgasyny goýmagyňyz bolar.)

Kärendesine jaýda galýan bolsaňyz, şertnamanyň noterial görnüşini hem anketaňyza goşuň.

Otel, hotel ýaly ýerlerde galýan bolsaňyz, bu ýerlerde galýandygyňyz hakyndaky kepilnamalaryň görnüşini hem anketaňyza goşuň.

Ýokary okuw jaýlarynda galýan bolsaňyz bu ýerde galýandygyňyz hakyndaky kepilnamanyň gol we möhürli görnüşini hem anketaňyza goşuň.

3-nji şahsyň (garyndaşlyk bagy bolmaýan) ýanynda galynandygy halatynda ýanynda galan kişiniň noterial görnüşli güwänamasy (ähdi) (ýanynda galynjak kişi durmuş guran bolsa ýan-ýoldaşynyň hem noterial görnüşli güwänamasy ) gerek. Işletme maksady bilen myhman almak, öý we hyzmatlary we hassa/çaga seretmek hyzmatlary, rugsatsyz işletme ýagdaýy sebäpli bu ýagdaýda daşary ýurtly raýata we iş beren şahsa jerime salgydy we syýahat bilen beýleki çykdajylary iş beren adama bellenip daşary ýurtly raýat hakynda bolsa deport etmek üçin gerekli işler ýerine ýetiriler.

Çagalar üçin pasport ýa-da yerine kabul edilýän kepilnamada ýa-da milli şahsyýetini tassyklaýan resminamada eje we kakany anyklap bolmadyk ýagdaýynda , dogulyş hakyndaky şahadatnama soralar. Eje ýa-da kaka biriniş bolmandygy halatda (ýogalan bolsa beýleki ýan-ýoldaş ýogalandygy hakyndaky kepilnamanygörkezmeli) tassyklanan razylyk kepilnamasy bolmaly. Aýrylyşylan halatda çaganyň tassyklanan hossarlyk kepilnamasy bolmaly. Bu kepilnamalar Türk edaralaryndan alynan bolsa gol we möhürli görnüşini görkeziňbolmaly, daşary ýurtdan getirilen bolsa Apostille şerhli we Türkçe terjimesinin noterial tassykly nusgasy bolmalydyr. Apostille şertnamasyna bagly bolmaýan ýurdyň raýaty bolsaňyz ýokarda agzalan kepilnamanyň bagly ýurdyň edaralarytarapyndan tassyklanylan görnüşi (konsullyk tassykly ýa Daşary işler ministrligi ýa-da şeýle ýagdaýda hak-hukuk berilen Türk edaralary) bolmalydyr.

Şahsyň on sekiz ýaşyndan kiçi bolan ýagdaýynda; daşary ýurtda bolan ejesi/kakasy ýa-da hukuk taýdan wekiliniň razylygy bilen razylykda görkezilmek şerti bilen Türkiyedäki hakyky ýa-da kanuny şahyslar tarapyndan beriljek razylygy bolmaly.

  1. Raýatlygyny göterýän ýurdyňyzyň hukuk goraýjy döwlet edaralary tarapyndan alynan jenaýata garyşmadygyňyz hakyndaky kepilnama
  2. Türkiýäniň döwlet hassahanalaryndan ýokanç keseliniň ýokdygy hakyndaky komissiýa kepilnamasy.

Nika şahadatnamasy we nikalydygynyzy subut edýän kepilnamanyň (yazgyly we möhürli sahypalary, ilkinji 3 sahypasy) kserokopýasynyň tassyklanan görnüşi. Türk edaralaryndan alynan bolsa (Şäher/Şäherçe Nüfus Müdürlüklerinden hem alyp bolar ) alynan bolsa e-möhürli/möhürli we möhürli bolmalydyr, daşary ýurtdan alynan bolsa noterial görnüşli Türkçe terjimesi we Apostille şerhi bolmaly. Apostille şertnamasyna bagly bolmaýan ýurdyň raýaty bolsaňyz ýokarda agzalan kepilnamanyň bagly ýurdyň edaralarytarapyndan tassyklanylan görnüşi (konsullyk tassykly ýa Daşary işler ministrligi ýa-da şeýle ýagdaýda hak-hukuk berilen Türk edaralary) bolmalydyr.

  1. Salgytlar we tölegler Vergi Dairesine tölenmeli, salgyt nomeri hem Vergi Dairesinden alynýar. (salgyt nomeri üçin arza ýazmaly nusgasy hem vergi dairesinden alynýar goşmaça pasaport kserokopýasy gerek)
  2. Turizm maksatly galmagy meýillşdirýänler edaranyň talap etmegi halatynda syýahat meýilnamasy ve myhmanhana ýerine bagly
  3. Öý kitapçasynyň kserokopiýasy
  4. Öýüň hakykatdan hem şol şahsa degişlidigini subut etýän kepilnama (belediyeden)
  5. Numarataj (belediyeden)