Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2018-2019-njy okuw ýyly üçin Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolan Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerinde ýokary bilim we magistratura üçin saýlaw işlerini geçirýändigi barada bildiriş çap etdi.

Türkmenistanyň resmi gazetlerinde çap edilen bildirişe görä, ýaşy 35-den geçmedik we 2017-2018-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň orta mekdeplerini tamamlaýan, degişli daşary ýurt dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglaryna kabul edilýär.

Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerinde ýokary bilim we magistratura bilimi almak üçin we hünärler babatda Aşgabat şäherinde ýerleşýän Halkara ynsanperwer bilimleri we ösüş uniwersitetindäki kabul ediş toparyndan jikme-jik maklumat alyp bilersiňiz.

Resmi iş kagyzlary: Halkara ynsanperwer bilimleri we ösüş uniwersitetindäki kabul ediş topary tarapyndan 2018-nji ýylyň 22-31-njy ýanwary aralygynda kabul edýär.

Resmi iş kagyzlaryň sanawy:

– Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusga boýunça arza we sowalnama:

– umumy orta bilim ýa-da orta hünär bilimi baradaky resminamanyň (magistratura talyp ýerlerine dalaşgärler üçin ýokary bilim baradaky resminamanyň) asyl nusgasy ýa-da bahalar bilen şahsy jiltiň tassyklanan göçürmesi:

– Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çaginden daşary ýurtlardaky ýokary okuw mekdeplerine girmek barada dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy)

– soňky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama

– 3×4 sm möçberde 12 sany fotosurat

– işleýänler üçin zähmet depderçesinden tassyklanan göçürmesi

– giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda döwlet orta we ýokayr hünär bilim edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Şeýle hem şu aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýar:

– Türkmenistanyň raýatynyň pasporty hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty

– Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedikler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny

Kabul ediş topary gerekli goşmaça maglumatlary sorap biler.

Giriş synaglary: Aşgabat şäherinde ýerleşýän Halkara ynsanperwer bilimleri we ösüş uniwersitetinde 2018-nji ýylyň 4-6-njy fewralynda geçirilýär. Test-ýazmaça, söhbetdeşlik Türkmenistanyň taryhyndan döwlet dilinde geçirilýär.

Çeşme : Atawatan Türkmenistan Habar Agentligi (ATHA)